ТГАСИ
Türkmenistanyň Prezidentiniň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ylym-bilim kuwwaty yzygiderli berkidilýär. Döwletiň, jemgyýetiň sütüni ylymdan, bilimden bina edilende, döwletiň esasynyň berkden gurlup, hemmetaraplaýyn sazlaşykly gülläp ösüşe, ýokary derejä eýe bolýandygy döwletimiziň ýeten belent sepgitleri aýdyň görkezýär.
Şunuň bilen baglylykda, bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň häzirki ösüş tapgyrynda dünýäniň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda milli sanly bilim ulgamynyň mundan beýläk ösdürilmegini, okatmagyň innowasion çemeleşmeleri bilen utgaşyklylykda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň onuň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylmagyny şertlendirýär. Täze maglumat tehnologiýalaryny özleşdirmezden, ösüşi dowam etdirmek, ykdysadyýetde we jemgyýetçilik durmuşynda ýokary derejelere ýetmek mümkin däl.
Bu maksat bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak, dünýä bilim giňişligine işjeň goşulmak, dünýäniň köp ýurtlary, şol sanda ýewropa ýurtlarynyň abraýly ýokary okuw mekdepleri, halkara guramalary bilen ylym-bilim ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça toplumlaýyn işler yzygiderli alnyp barylýar.
Häzirki wagtda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleri, halkara guramalary bilen baglaşylan şu aşakdaky Ylalaşyklar we Ähtnamalar hereket edýär: